Dünýä. Sebit. Türkmenistan

12 Awgust 2021
692

Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň her bir pursatynda ýurdumyzda, sebitde we dünýäde bolup geçýän wakalara bolan gatnaşygy, täsiri we ähmiýeti Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligindäki ornuny barha pugtalandyrýar.

Gürrüňi uzaklardan aýlamagyň zerurlygy ýok. Şu aýyň başynda — 2-nji awgustda ýurdumyza BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Onda geçen aýyň aýagynda, ýagny 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi aýdylýar. 48 döwletiň agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup çykyş edendigi buýsanjymyzy goşalandyrdy.

«Adalat».