Baş wezipe — ynsan saglygy

11 Awgust 2021
685

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamyň saglygy hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge bu syýasatyň esasy şygary bolup durýar. Şundan ugur alnyp, saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýokary derejede üns berilýär. Bu işler ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» düzüm bölegi hökmünde taýýarlanan «Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamasy» we saglygy goraýşa degişli başga-da birnäçe maksatnamalar hereket edýär.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.