Adam hukuklarynyň goragynda

11 Awgust 2021
606

Ýurdumyzda kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralaryň işiniň kämilleşdirmegi, möhüm kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, raýat jemgyýetiniň demokratik edaralarynyň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy hem-de adyl kazyýetliligiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meselelere aýratyn üns berilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çuňňur manyly çykyşynda belläp geçişi ýaly, kanun kadalaşdyryjy hukuk namasy bolup durýar. Ol ýurduň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, raýatlaryň, kärhanalaryňdyr edaralaryň hukuklaryny we borçlaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Hukuk kadalary jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde iň netijeli we ählumumy serişde hökmünde ykrar edilýär.

Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalara laýyklykda, döwletimizde adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kabul edilýär, Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär hem-de adyl kazyýetlilik bilen üpjün edilýär. Hukuk namalarynda göz öňünde tutulan hukuklaryň, borçlaryň, ygtyýarlyklaryň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, döwlet bilen jemgyýetiň we adamyň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklar möhüm hukuk hem-de guramaçylyk ähmiýete eýe bolmak bilen, durmuşda ýygy-ýygydan gabat gelýär. Şeýle mazmunly gatnaşyklar, adatça, administratiw kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. Administratiw kanunçylygynyň kadalary maddy hukuk namalarda saklanýan hukuklardan, borçlardan we ygtyýarlyklardan tapawutlylykda, hukuk tebigaty boýunça olaryň durmuşa geçirilmegini düzgünleşdirýän önümçilik we iş ýörediş häsiýetlidir. Adyl kazyýetlilik milli kanunçylyk namalarynda berkidilen iş ýörediş kadalarynyň esasynda maddy hukuk kadalaryň durmuşa geçirilmeginiň, goralmagynyň we zerur halatynda dikeldilmeginiň wajyp ugrudyr.

Akmyrat AKMYRADOW,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap, şäher kazyýetiniň başlygy.