Ata Watan şan-şöhratly siziň bilen, Arkadag!

11 Awgust 2021
472

5. 2011-nji ýyl: beýik işleriň ýyly

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bellenilen 2011-nji ýylda ak mermerli Aşgabadyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň ýyl ýazgysynyň üsti täze taryhy wakalar bilen ýetirildi. Parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende galdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli asylly başlangyçlaryny mähriban halkymyz uly ruhubelentlik bilen kabul edip, özleri baradaky atalyk aladasyna tutanýerli zähmeti bilen jogap berdiler we Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2008 — 2012-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşdular.

Jumanazar GARAJAÝEW,
«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.