Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur

9 Awgust 2021
535

6-njy awgustda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly goňşy ýurtlaryň Liderlerini mähirli mübärekläp, sebitiň ösüşine degişli möhüm meseleler boýunça çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin belent mertebeli myhmanlara minnetdarlyk bildirdi.