Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň bilelikdäki beýannamasy

6 Awgust 2021
731

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 4-5-nji awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary boldy.

Dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli toplumy boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça netijeli pikir alyşdylar.