Habarlar

6 Awgust 2021
684

2-nji awgustda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly welaýatlaryň hem-de olaryň etraplarynyň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we etraplarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, öňdäki möhüm möwsümlere taýýarlyk görmegiň esasy ugurlary barada aýtdy, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanyş ýagdaýyny hem-de degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.