Şöhratly geljegiň nury

12 Aprel 2021
2459

Halkymyzyň şöhratly taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Köpetdagyň belent gerişleri bilen Garagumuň altynsow çägeleriniň arasynda ýaýylyp gidýän Aşgabat şäheri bu gün beýik ösüşlere beslenýär. Aşgabadyň taryhy bir ýarym asyra golaýlady. Ilki bu ýerde kiçiräk şäher-gala döreýär. Köpetdagyň dag etek zolagynda Namazgadepe, Altyndepe, Ulugdepe ýaly ekerançylygyň belli ojaklary bolan obalar döräpdir. Köpetdagdan gözbaş alyp gaýdýan, dury gözli çeşmäniň başynda ýerleşen Aşgabat sekiz ýüz öýden ybarat oturymly ýer bolupdyr.

Günorta Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biridir. Muňa Aşgabadyň ýigrimi kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän gadymy Jeýtun obasynyň dörändigi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde Jeýtun medeniýeti uly gymmatlyklaryň hataryna goşulandyr. Jeýtun medeniýetine degişli Çopandepe, Pessejikdepe, Gökdepe we başgada birnäçe obalar döräpdir.

Altyn NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni.