2024-nji ýylyň 21-nji martynda başlanýan Eýranyň ýyl senenamasynyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Sarahs demir ýol menzili arkaly geçirilen eksport harytlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokarlandy. Bu barada “IRNA” habarlar agentligi ýurduň Horasan sebitiniň demir ýol edarasynyň başlygy Mustafa Nasiriniň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Demir ýol menzili arkaly eksporty, importy we üstaşyr geçirmeleri öz içine alýan halkara ýük daşamalaryň möçberi 2,2 million tonna ýetdi. Şunda esasy bölegini sement we metal gurnamalary düzýän eksport harytlarynyň paýy 840 müň tonnadan geçdi. Bu möçberiň 810 müň tonnasy Horasan-Rezawi sebitinden iberildi. Ýükleriň uly bölegi eýran wagonlaryny ulanmak arkaly Türkmenistana eltildi.