Halk Maslahaty halkyň bähbidini ileri tutýar

12 Awgust 2024
98

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Bu wekilçilikli mejlis Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmekde, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm meseleleri maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halk Maslahaty ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi il-günümiz üçin bähbitli işlerde özüniň beýanyny tapýar.

Baýmyrat BALAKAÝEW,
«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň 7-nji ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory.