Üns merkezinde — çagalar

12 Awgust 2024
123

Ýene-de sanlyja günlerden bagtyýar çagalar ak mekdepleriň bosagasyndan ätlärler. Bilim ojaklarynda olaryň çuňňur bilim we döwrebap terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Etrabymyzyň mekdeplerini täze okuw ýylyna taýýarlamak işleri-de üstünlikli tamamlandy. Bu işler hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerinden gözbaş alýar. Häzirki günlerde ene-atalar çagalaryny mekdebe taýýarlamak, olary okuw esbaplary we beýleki zerur zatlar bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri çözýärler. Bu babatda biz olara ýakyndan ýardam berýäris. Guramamyz tarapyndan ýylyň-ýylyna hemaýata mätäç we köp çagaly maşgalalaryň çagalaryna okuw esbaplary satyn alnyp berilýär. Şu ýyl şeýle kömek mekdep okuwçylarynyň 400-den gowragyna berler.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň tomus dynç alşyny guramak meselesi hem üns merkezinde saklanyldy. Olara ýurdumyzyň sapaly ýerlerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ýollanmalaryň 300-den gowragy berildi. Bagtyýar çagalar ol ýerlerde wagtlaryny şadyýan geçirip, täze okuw ýylynda gowy bahalar bilen okamak üçin güýç topladylar.

Bazargül HESENOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.