Täsirli geçen duşuşyk

12 Awgust 2024
115

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlik duşuşygynda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli syýasatynyň netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimizde türkmen jemgyýetinde demokratik başlangyçlary ösdürmek, raýat jemgyýeti edaralarynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan giň möçberli işler, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmagyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňe aýratyn ähmiýet berdiler.

Begenç ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.