Beýik akyldar şahyryň edebi mirasyna bagyşlandy

12 Awgust 2024
107

Sarahs etrap merkezi kitaphanasynda okyjylaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan gürrüňdeşlik kitaphananyň Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi tarapyndan guraldy.

“Beýik akyldar Magtymguly Pyragy” ady bilen geçen gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň ömür menziline bagyşlap döreden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusynyň baý many-mazmuny, berkarar Watanymyzda akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durlup geçildi. Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine goýulýan çäksiz sarpa, beýik söz ussadynyň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgelerini wasp edýän pelsepewi eserleriniň gymmaty barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Aýbölek SAPARMYRADOWA,
Sarahs etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.