Beýik başlangyçlara badalga

12 Awgust 2024
112

Ýakynda welaýat kitaphanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty — beýik başlangyçlara badalga” atly brifing geçirildi. TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat Adalat bölüminiň we welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen brifinge welaýatyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Brifingi TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow alyp bardy.

Täsirli geçen brifingde Türkmengalanyň ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabrigiň ykdysatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazgeldi Saparow, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň Sakarçäge etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy Myrat Kulyýew, “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Sülgün Şadyýewa, welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy Gunça Ataýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti, onuň manysy, ýurdumyzyň kanunçylygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlar, häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.