«Watan jigere deň. deňdir göreje»

12 Awgust 2024
133

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy Mälikguly Berdimuhamedow özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Içeri işler edaralarynda köp ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli, halal, päk ýürekli we nusgalyk zähmeti, göreldeli gullugy, asylly ahlak sypatlary bilen watansöýüjiligiň, Watana hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezen, ýurdumyzyň asudalygyny berkitmekde, jemgyýetçilik tertibini goramakda gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, içeri işler edaralarynyň işgärlerine görelde mekdebi boldy. Şonuň üçin hem Watanymyzda beýik ynsanyň sarpasy belent tutulýar.

Peder ýoluny dowam etdirip, Mälikguly Berdimuhamedow ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde, Watana wepaly gulluk etmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

«Arkadag»