Halk — döwlet häkimiýetiniň gözbaşy

12 Awgust 2024
110

Ýurdumyzyň döwlet gurluşynda ata-babalarymyzyň iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alynýar we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilýär. Ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi Esasy Kanunymyzyň 3-nji maddasynyň «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen kadalarynyň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Halkyň özygtyýarlylygy hukuk döwletiniň iň esasy alamatlarynyň biridir. Şonuň bilen birlikde, munuň özi halk häkimiýetiniň, ýagny demokratiýany hakykat ýüzünde amala aşyrmagyň möhüm şertidir. 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanun kabul edilip, Konstitusiýamyza Halk Maslahatynyň halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradygy, ony döretmegiň tertibiniň we ygtyýarlyklarynyň Konstitusion kanun bilen kesgitlenýändigi baradaky kadalar girizildi. Bu bolsa halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň döwletimiz üçin syýasy we hukuk taýdan möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamat-dowamlygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Nurjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.