Awazadan galan ýakymly täsirler

11 Awgust 2024
246

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe, ýokary derejede dynç almagy üçin ähli şertler döredilip, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň mart aýynyň 25 — 30-y aralygynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy geçirilipdi. Bilim bäsleşiginde ýokary netije görkezip, birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň zehinli mekdep okuwçylaryna gazna tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanma dabaraly ýagdaýda gowşurylypdy.

Oguljahan ALAMYŞOWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.