Ýokary hilli okuw esbaplary

11 Awgust 2024
247

Ýurdumyz boýunça umumybilim berýän orta mekdepler täze okuw ýylyna doly derejede taýýarlanyldy. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri Çärjew etrabynyň çäginde hem ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Häzirki wagtda hem täze okuw ýyly üçin mekdep bazarlary gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Ýörite bazarlarda, dükanlaryň öňünde mekdep bazarlary şu günler köp adamly. Mekdep bazarlaryndaky harytlar etrap alyjylar jemgyýeti we hususy telekeçiler tarapyndan doly derejede üpjün edildi. Onda okuw depderleriň dürli görnüşi, reňkli we ak kagyzlar, dürli galamlar, bellik depderçeler, sözlük kitapçalar hem bar. Ata-eneler öz çagalary üçin gerekli harytlary mekdep bazarlaryndan saýlap alyp bilýärler. Öz ýurdumyzyň önümleri bolan egin-eşiklere, aýakgaplara, okuwçy torbalaryna, tahýalara we beýleki okuw esbaplaryna alyjylar uly isleg bildirýärler. Amatly, elýeterli we ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilen mekdep bazarlarynyň alyjylary egsilmeýär. Bu ýerden okuwçylar we talyplar okuw dersleri üçin gerekli bolan esbaplaryny satyn alýarlar.

Nasiba ÝANGIBAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 57-nji orta mekdebiň mugallymy.