Berjaý edilmeli düzgünler

11 Awgust 2024
128

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilim edaralarynyň binadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çäreleri barada şulary ýatladyp, öz maslahatlary bilen ýüzlenýär, ýagny elektrik ulgamyna birikdirilen elektrik enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak, ütügi ýörite otagdan başga ýerlerde ulanmak bolmaýar, şeýle-de näsaz bolan hem-de aşagyna goýulýan oda durnukly gatlagy bolan ýörite serişdesiz ütügi ulanmagy gadagan etmeli.

Kebşirleýiş we açyk ody ulanmak arkaly işleri bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň resmi rugsady bolmasa geçirmegi gadagan etmeli. Bu işler diňe ýörite hünärmenler tarapyndan geçirilip, ol ýerleri ilkinji ýangyn söndüriş enjamlarydyr gurallar bilen üpjün etmeli. Bilim edaralarynyň ähli binalary we otaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlary bilen üpjün edilip, olaryň iş kadalary bilen ähli işgärleri tanyşdyrmaly.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.