Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

9 Awgust 2024
123

Asyrlaryň jümmüşinden bäri Hazar deňzi onuň kenarynda ýaşaýan halklary umumy we özara baglaşdyryjy esas bolup hyzmat edip gelýär. Täze taryhy döwrümizde bolsa bu giňişlikde kenarýaka halklaryň parahatçylykly, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamaklaryny üpjün edýän gatnaşyklaryň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan syýasaty alyp barmak bilen, Hazary dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzine, köpugurly ykdysady merkeze öwürýär.

Turuwbaşdan bellesek, taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerini öz üstünden geçiren Hazarýaka sebiti häzirki wagtda bu ýoluň täzeçe döwrebap keşbiniň möhüm düzüm böleginiň merkezidir. Tutuş sebitiň logistik infrastrukturasyny Ýewraziýanyň deňiz derwezesi bolan Hazaryň ulag halkasyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga üns bermek bilen, Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykata kybapdygyny nygtady.

Serdar BEGMYRADOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.