«Takyrja oglanly» ýatlama (Durmuş we biz)

9 Awgust 2024
158

Ikindiden soň: «Çigit-beýleki alaýyn» diýip, dükana gitdim. At münüp, atam gomlap gidilip-gelinýän ýer bolmasa-da, gyzgynda şonam kyn görüp, köplenç, oturyberýän. «Selim dükany» diýen ýazgynyň deňine ýetibem: «Wah, goňşy jan, daşyna hernäçe agtygyň adyny daksaňam, barybir, öz adyň bilen tanalýar seniň şu dükanyň» diýşime, ýylgyrasym geldi. Eýesiniň üýtgeşik adyndanmy ýa mekdebiň ýany bolansoň, hemmä golaýlygyndanmy, garaz, alyjysy artmasa, kemelenok şu dükanyň. Şonuň üçin gerek-ýaragy çykan: «Klosuňka baryp-gaýtjak» diýip eňiberýär. Göz öňüme getirýän welin, obadaky dükanlaryň köpüsi daşyna ýazylan at bilen däl-de, eýesiniň ady bilen tanalýar. Onsoň il içinde: «Hanyňky», «Pöküleňki», «Orazdurdyňky»... diýen ýaly sözlerem ýygy eşidilýär.

Eýesiniň ady bilen tanalýan dükandan çykyşyma, ýolda bir topar oglanjyklara gabat geldim. Mekdebe oýnamaga barýandyklaryny soramasamam bilýän-dä. Yzyma garama-gara öýe ýetdim. Gelibem, aýagy döwlüp, iki aý bäri oňly daşaryny görmeýän ejemi daşarda oturmaga yrdym. Erbet ýüregim gysýar özümiňem. Günüň ýüzi gaýdyşanam bolsa, çalaja gyzgyn şemal öwüsýär. Üzümimiz bişipdir, birlän-ikilän saralanja injirlerem görünýär. «Iýseň, alaýyn!» diýdim ejeme. Üzümleriň süýjäp ugranyny näbilýäňiz diýsene, eýýäm ary bary hozanak daşynda. Bir salkymy dagy şol durşuna aýraýypdyrlar. Gahar gatyşykly: «Hap-hap, öýüňize myhman gelipdir!» diýip kowşuma, zordan iki salkym ýoldum. Çakmaklaryndan ätiýaç edip, aljyrap durşum birhili görnendir-dä: «Şeý diýseň gidýärmi arylar?» diýip, çynaberimsiz edip soraýar ejem. Jogap hökmünde: «Näbileýin, öýlerine myhman gelendigini bilseler, garşylamaga gidýärmiş diýip ynanýardyk-da çagakak» diýemsoň, bu hakda ilkinji ýola pikirlenmäge durdum.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
«Nesil».