Peder pendine ygrarly

9 Awgust 2024
170

Täze taryhy döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini durmuşa ornaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda aýratyn uly orna eýedir.

Halkymyzda maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty, ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek däbi bar. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Haýsy işiň başyna bar, islendik käri saýla, tapawudy ýok, maslahatly işleriň netijesi elmydama üstünlikli bolýar. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksada okgunly, adamkärçilikli bolýar. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň ömür ýolunyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.