Uly mümkinçilikleriň giňişligi

9 Awgust 2024
138

Hazar deňzi müňýyllyklaryň dowamynda kenarlarynda ýaşan halklar üçin bereket çeşmesi bolupdyr. Bu gün dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde tanalýan Hazaryň geostrategik ýerleşişi hem-de jümmüşinde jemlenen tebigy baýlyklaryň gorlary kenarýaka döwletlerine uly ykdysady mümkinçilikleri açýar. Ählumumy abadançylygyň bähbidine Hazaryň tebigy gurşawyny goramak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan has ilerledilýän ekologik maksatnamalaryň esasyny düzýär.

Tebigatyň täsinligi — Hazar deňzi biziň günlerimize çenli ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelipdir. Deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki, ýagny diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.

Kerwen GURBANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.