Berjaý edilmeli düzgünler

9 Awgust 2024
109

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän eýeçiliginiň görnüşine garamazdan binalardyr desgalarda we olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine örän ünsli bolmalydygyny ýatladýar.

Binalaryň üçekleriniň girelgelerinde, ammarlarda, önümçilik ýa-da edara goşlary saklanýan jaýlarda we beýleki ýerlerde päsgelçilik döredýän zatlary goýmak gadagandyr. Üçekleriň we ýerzeminleriň girelgelerini açyk goýmak kada laýyk däl. Işjeň ýagdaýdaky elektrik enjamlary, gurallary we elektrik kabul edijileri gözegçiliksiz galdyrmaly däldir. Döwlet ýangyn gözegçiligi bilen ylalaşylmadyk ýerlerde dürli elektrik gyzdyryjy enjamlaryny ulanmak, ýeňil tutaşýan ýanyjy suwuklyklary, şeýle hem beýleki ýangyn howply çig mallary saklamak gadagandyr. Ýerli häkimliklerden, Döwlet ýangyn howpsuzlygy müdirliginden ygtyýarnama almazdan, jaýlary özbaşdak täzeden üýtgedip gurnamaga we binadyr desgalary gurmaga rugsat berilmeýär. Edaranyň çäginde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we raýatlaryň wagtlaýyn ýaşamagyna ýol bermek, binalarda we olaryň çäklerinde çilim çekmek, açyk ody, şemleri, feýerwerkleri, pirotehniki önümleri saklamak we peýdalanmak gadagandyr.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.