Söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

9 Awgust 2024
132

Kitaphanamyzda okyjylar bilen söhbetdeşlik duşuşygyny guradyk. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Edilen çykyşlara dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlarynyň ýaşlary millilik, watansöýüjilik, dostluk we birek-birege hormat goýmak ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty hakynda gürrüň edildi. Ildeşlerimiz ynsanlary ahlaklylyga, sagdynlyga, agzybirlige ruhlandyrmagyň beýik şahyryň şygryýet dünýäsiniň düýp mazmunyny düzýändigini nygtadylar. Şeýle hem akyldar şahyryň dünýä dillerine terjime edilen goşgularyndan parçalar okaldy. Çykyşlarda berkarar döwletimizde söz ussadynyň döredijiligini öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine hem aýratyn üns çekildi. Kitaphanaçylarymyzyň şanly ýylymyza bagyşlap guran kitap sergisi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Şirin AGAMYRADOWA,
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynyň kitaphanaçysy.