Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki zaman lukmançylygynda dermanlyk ösümlikler giňden peýdalanylýar. Olaryň köpüsi birnäçe keselleri bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edýär. Ynsan hem islendik janly organizim ýaly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de biologiki nukdaýnazardan oňa has ýakyndyr.
Biziň güneşli Diýarymyz dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri hem ekin ýerlerinde, ýol gyralarda, dag-düzlerde ýetişýän atgulakdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik kitabynda hem türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsinde ähmiýetli orny eýeleýän atgulak barada gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapýar. Atgulakdan dürli melhemleri taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary barada gürrüň berilýär. Bu ösümlik irki zamanlardan bäri dermanlyk maksatlar üçin peýdalanylyp gelinýär. Onuň terapewtiki ulanylyşy örän giňdir. Ösümlik baradaky ilkinji maglumatlar Abu Ali ibn Sinanyň dünýä belli «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» we Abu Reýhan Birunynyň «Lukmançylykda farmakognoziýa» eserlerinde berilýär. Atgulagyň ýapragy gany togtatmakda, örgünli gijilewük (krapiwnisa) keseli bilen kesellänleri bejermekde giňden peýdalanylýar. Ösümligiň ýapragy, köki we tohumy bagyrdaky, böwrekdäki hem peşew haltasyndaky dykyn almalary açýandygy barada Muhammet Hüseýin özüniň belli «melhemler hazynasy» işinde beýan edýär.