Döw­let­li­lik halallygyň tugudyr

2 gün öň
17

Döwlet diýmek, belli bir araçägi, esasy şerti bir milletiň dilini, dinini, ygtykadyny, çäk bitewiligini üpjün edýän ýurt, mekan, administratiw birlik diýmekdir. Türkmen döwletiniň döwletlilik diýlen düşünjäniň çygryndaky iň kämil jemgyýetiň biridigini bolsa diňe bir türkmen milleti däl, eýsem, tutuş dünýä ykrar edýär. Onsoňam, döwletiň döwletli işlerine düşünmek üçin, adamlar hakdaky aladadan çen tutmagyň özi ýeterlik. Sebäbi döwletiň uly işleri millet, halk üçin kuýaşly Güneş halkasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz yhlasdyr aladasy milletimizi diýseň mertebelendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir işi halkyň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan asylly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatdaky ägirt uly işleriniň netijesini has guwandyryjy ösüşlere besleýär.

Guwanç MÄMIÝEW,
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.