Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy

2 gün öň
113

Şu gün Gazagystanyň paýtagtynda iri diplomatik çäre — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejeli sammiti geçirilýär. Onuň çäklerinde guralýan «ŞHG+» formatyndaky duşuşyga hem-de Magtymguly Pyragynyň Astanadaky ýadygärliginiň açylyşyna gatnaşmak maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurtda iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasy beýik türkmen şahyrynyň hormatyna dikeldilen heýkeliň açylyş dabarasyndan başlandy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde çuň manyly çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyryp, strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýeti bolan netijeli gepleşikleri geçirdi. Şol ýokary derejeli duşuşykda Astanada Magtymguly Pyragynyň, Aşgabatda bolsa Abaý Kunanbaýewiň heýkellerini oturtmak barada ylalaşyk gazanyldy. Ine, bu gün bolsa dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri düzümiň sammitiniň çäklerinde beýik türkmen şahyrynyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ýadygärligiň beýikligi 8,5 metre golaý bolup, Magtymguly Pyragynyň keşbi döredijilik bilen meşgullanýan ýaly görnüşde şekillendirilipdir.

«Türkmenistan»
Astana ş.