Mekdep okuwçylaryň welaýat birinjiligi geçirildi

2 gün öň
51

Golaýda «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň, Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda welaýatyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilen «Altyn top» atly kiçi futbol ýaryşy hem-de okuwçy oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen şaşka ýaryşy örän gyzykly boldy. «Altyn top» atly kiçi futbol ýaryşy Daşoguz şäherindäki 1-nji sport mekdebinde geçirilip, oňa welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan ýeňiji bolan oglanlar toparlary gatnaşdylar. Ýaryş aýlaw esasynda geçirildi. Şeýlelikde, ökdeler ýüze çykarylyp utuk sanlarynyň has köplügi bilen Şabat etraby birinji, Daşoguz şäheri ikinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň toparlary üçünji orunlary eýelediler.

Daşoguz şäheriniň 15-nji orta mekdebinde geçirilen okuwçy oglan-gyzlaryň arasyndaky şaşka ýaryşynda okuwçylar toparlaýyn aýlaw esasynda bäsleşdiler. Her toparyň düzüminde bir oglan we bir gyz bolan bu oýunda Görogly etrabynyň ýaşajyk türgenleri 12 utuk toplap birinji, 11,5 utuk bilen Saparmyrat Türkmenbaşy etraby ikinji, 8 utuk bilen Şabat etrabynyň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňijiler «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Bibi PALTAÝEWA,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmeni.