Ruhubelentlige beslenen pursatlar

2 gün öň
43

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan Gökdere jülgesindäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde geçirilen sport-medeni dynç alyş dabarasy uly täsirleri döretdi.

Möwsümiň ikinji tapgyrynda merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň işjeň gatnaşmagynda bolan dabara ruhubelentlik häsiýeti mahsus boldy. Onuň barşynda okuwçy gyzlar el hünärine degişli işleri ýerine ýetirmek boýunça başarnygyny görkezdiler. Munuň özi olaryň milli mirasymyza, el hünärine bolan söýgüsini aýdyň görkezdi.

Ogulşat ÇARYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.