Gallaçylar bilen iş üstünde duşuşýarys

2 gün öň
34

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň wekilleri galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde günortanky arakesme wagtynda meýdan düşelgelerinde, bol hasylly meýdanlarda bolup, möwsüme gatnaşyjylar bilen duşuşýarlar, armasyny ýetirýärler, ýokary netije görkezýän gallaçylary sylaglaýarlar.

Oba hojalygyndaky häzirki jogapkärli möwsümde kuwwatly kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Daýhan birleşikleridir hojalyklaryň ekerançylyk meýdanlarynda bolanymyzda, iş üstündäki duşuşyklarymyzyň barşynda mehanizatorlara möwsümde tehniki howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý etmegiň möhümdigi bilen baglanyşykly degerli maslahatlarymyzy berýäris. Çünki gyzgalaňly günlerde mehanizatorlara tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine berk eýerip, kombaýnlaryň saz işledilmegini gazanmaklary möhüm bolup durýar.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.