Akyldar şahyrymyzyň sarpasy belentdir

2 gün öň
36

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly taryhy wakalara, toý-baýramlara utgaşýar. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler şanly ýyla baý many-mazmuny çaýýar.

Şirin dilli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere ýylyň başyndan badalga berildi. Şu günler hem dana şahyrymyza bagyşlanan çäreler eziz diýarymyzyň ähli sebitlerinde, daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylan derejede dowam edýär. Edara-kärhanalarda, guramalarda geçirilýän dürli mazmunly bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary, saz-söhbetli dabaralar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň çäreleri bilen utgaşyp, özüniň köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar.

Jumasoltan ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gökdepe etrap bölüminiň başlygy.