Ömri nusgalykda, sözi keremdi

2 gün öň
10

Geçen asyryň 1941 — 1945-nji ýyllarynyň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanany bäri uzak ýyllar geçip gitdi. Biziň pikir-hyýallarymyz welin şol günlerden asla daşlaşyp bilmeýär. «Aýatda diridir, hökman geler» diýip, ýanýoldaşyna garaşyp, ömür menzili tamamlanýança onuň ýoluna intizar gözlerini dikip ýaşan wepaly zenanlaryň biri hem Ogulgerek Saparowady. Ol 1920-nji ýylyň 1-nji iýulynda Gämi obasynda daýhan Gurbansähet Hansähet oglunyň we Ogulsoltan enäniň maşgalasynda dünýä inipdi. Ogulgerek işe-ýumşa ýarandan soň, ata-enesine ogul küýsetmedi, öý-içeriň işine el-aýak bolup ýetişdi. Hernäme bolanda-da, gyz — kişi maşgalasy, ony bagty açylan güni durmuşa çykarmaly. Ogulgeregiňem maňlaýyndan öz kowumyndan Sapar atly ýigit çykdy. Sapar zawodyň işçisidi. Nägehan uruş turanda Ogulgerek bilen Saparyň oguljygy Orazmyrat ýaňy üç ýaşyny dolduryp barýardy. Sapary Aşgabatda döredilen 87-nji aýratyn atyjylyk toparyna alýarlar. Ol jeňe ugramazdan öň, Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Bükri obasyndaky (Bekrewedäki), Köşüdäki, Goturatadaky harby türgenleşik meýdançalarynda harby-tälim okuwlaryny geçýär. 1942-nji ýylyň awgust aýynda fronta gitmeginiň öňüsyrasynda, ol täze dünýä inen ogly Amanmyratjygy görmäge gelýär. Şonda mana düşmez ilkinji didary Orazmyratjyk kakasyny soňky gezek görüp galýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugatüpjünçilik» maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasynyň baş hünärmeni.