“Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler

2 gün öň
32

2024-nji ýylyň 8-12-nji iýulynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Okuw maslahaty Raýat awiasiýasy boýunça Ýewropa maslahatynyň “Awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli inžener” maksatnamasynda göz öňünde tutuldy. Okuw maslahatyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hünärmenleri we Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň wekilleri gatnaşar. Şeýle hem sebitiň ýurtlaryndan hususan-da, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gyzyklanma bildirýän taraplap çagyrylýar.