Arkadag şäherinde demir ýol menzili we durmuş ugurly beýleki binalar gurlar

2 gün öň
14

Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli edaralara we kärhanalara Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen resmi habara görä, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda Arkadag şäheriniň demir ýol menzili, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy esasynda bolsa Arkadag şäheriniň awtomobil menzili hem-de awtotoplumy we bellige alyş nokady gurlar. Olaryň gurluşygyny, degişlilikde, «Ulgam gurluşyk» we «Kent gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri ýerine ýetirer.