Kämilligiň nusgasy

1 gün öň
15

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024

Wagt bir ýerde duranok. Eliňde suwy saklap bolmaýşy ýaly, wagty-da saklap bolmaýar. Sebitde we ýurdumyzda deňi-taýy bolmadyk ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylanyna-da eýýäm bir ýyl bolupdyr. Bir ýylyň içinde bu şäheriň dabarasy daglardan aşdy diýsek ýalňyşmarys. Halkara derejesinde bu şäheriň mertebesiniň belentdigini onuň mynasyp bolan halkara güwänamalarydyr diplomlary, bu şähere gelýän syýahatçylaryň sanynyň juda kändigi, olaryň berýän bahalary-da aýdyň görkezýär. Arkadag şäheri sebitde dürli halkara forumlaryňdyr ýygnaklaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bularyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary, çäksiz zähmeti bar.

Mährijemal HAPYZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.