Halk bilen Watan berkarar

2 gün öň
20

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Döwletimiziň adamlar hakyndaky aladasynyň mazmuny hem adamlaryň ýagşy edim-gylymlaryna, adalata garaýyşlaryna, halal we dogruçyl ýaşaýşyna aýratyn üns bermekdedir. Adamkärçiligiň asyly nusgalaryny ýaşaýşyň baş ýöregesi hökmünde ykrar etmekdedir.

Watan — mizemez binýat. Bu binýadyň köküni guranlar bolsa biziň merdi-merdana ata-babalarymyz. Geçmişiň gatlarynda yz galdyran beýik-beýik döwletler bu günki gün bir Watanda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak, agzybir döwlet bolmak hakynda eden arzuwy bu gün wysal boldy. Magtymguly Pyragynyň ömri we ummanlara deňelýän döredijilik dünýäsi, beýik taglymatlary bu gün dünýä ýüzünde wagyz edilýär. Ýurdumyzda beýik filosofyň, Gündogaryň ýagty ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede bellemek babatda alnyp barylýan işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Gülnar AKJIGITOWA,
TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.