Dok­ma­sy bo­lan dok bo­lar

2 gün öň
17

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berkarar Watanymyzy ösen senagat ýurduna öwürmek ugrundaky taýsyz tagallalary Ahal welaýatynyň senagat pudagynda alnyp barylýan işlerde, gazanylýan üstünliklerde anyk beýanyny tapýar. Welaýatyň senagat pudagynyň ösüşinde innowasion tehnologiýaly döwrebap kärhanalaryň orny uludyr. Şeýle döwrebap kärhanalaryň hatarynda Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumyny agzamak bolar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu dokma toplumy mundan sanlyja ýyl ozal gurlup ulanylmaga berlendigine garamazdan, öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýýan wezipelerine bu gün kärhananyň agzybir zähmetkeş topary saldamly goşant goşýar. Kärhanada işçi-hünärmenleriň müňden gowragy zähmet çekip, şonuň aglabasynyň ýaş gelin-gyzlar bolmagy, olaryň her biriniň işine yhlasly ýapyşmagy has-da guwandyrýar. Ýaşlar ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata ýaly önümçilik bölümlerindäki innowasion tehnologiýalary ezberlik bilen dolandyrmagy başarýarlar.

Aýdo ŞEKEROW.
Surata düşüren awtor.