Garagum gözel tebigatyň örki

2 Iýul 2024
809

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Garagum sährasy durşy bilen keramat, bu künjege zyýarata gelmek we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmek bolsa parz işdir.

Ene toprak goýnunda müňlerçe hazynalary saklaýar. Watanymyzyň merkezinde ýerleşýän Garagum sährasy hem deňi-taýy bolmadyk bir ajap mekandyr. Garagum sähralygynyň ýerüsti we ýerasty tebigy baýlyklaryny gorap saklap, geljekki nesillere öz tebigy görnüşinde ýetirmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda «Bereketli Garagum» atly döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Goraghananyň umumy meýdany 87500 gektara deňdir.

Oguljeren NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy