Nepisligiň nusgasy - türkmen halysy

2 gün öň
18

Türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, yzygiderli tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär.  Halkymyzyň baý taryhynyň, milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren, milli sungatymyzy, medeniýetimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaplary hem aýdyň mysaldyr.

Adamlaryň ruhy kämilligi öz halkynyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de, öz halkyň taryhyny, sungatyny bilmek, ýürekden söýmek, oňa hormat goýmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.

Tyllanur ATAÝEWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.