Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29 Iýun 2024
97

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk işi bilen baglanyşykly, şeýle-de başga birnäçe kanunlary döwrebaplaşdyrmak babatda işler dowam etdirilýär. Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça merkezi saýlaw topary bilen bilelikde amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler halkara kadalara, milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýar.