Geljekki nesilleriň medeni merkezi

26 Iýun 2024
57

Türkmen sazandalary tebigatyň täsin hiňlenýän owazyny dutaryň kirşine geçirip bilen halk. Ýagyş-ýagmyrlaryň, guş-gumrularyň ýakymly heňlerini syrly notalara salyp, gargy tüýdükde sähralary ýaňlandyrýan jadyly sazlary döreden millet. Şol syrly notalar türkmeniň aňyna ýazylan. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip wagtyň synagyndan geçip, ol bu gün ajaýyp zamananyň  ýakymly sazy bolup, şadyýan aýdymy bolup ýaňlanýar. Bu duýgy medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gapysyndan ätlän her bir ynsanyň köňlünde täsin oýlara atarýan bolsa gerek. Säheriň sawa çagynda, medeniýetiň baýramynda, paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasynda hem äşgär duýuldy.

Bu medeni merkeziň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyz sanly ulgam arkaly gatnaşyp, bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Merkeziň geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, halkyň ruhy galkynyşynda, beýik ösüşlerimizi wasp etmekde medeniýete we sungata uly ornuň degişlidigini aýratyn belledi.

Akkeýik ALLAGULYÝEWA,
«Diýar».