Beýik ynamyň eýeleri (Döwür we ýaşlar)

1 gün öň
32

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara örän uly ynam bildirilýär. Şol belent ynam bu günki gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlar babatda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli işler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli, ynsanperwer we parasatly syýasatyň aýdyň beýanydyr.

Türkmen ýaşlary jemgyýetiň ähli gurşawyndaky özgerişleri, täzelikleri durmuşa geçirmäge we ösdürmäge ukyplydyrlar. Ýaşlar döwletiň işjeň we örän wajyp güýjüdir, olaryň islegleri, gymmatlyklary, garaýyşlary geljegiň binýadydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyz ylymlaryny we bilimlerini ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş etmelidirler» diýen sözlerinden ugur alyp, ajaýyp döwrümiziň bagtyýar ýaşlary beýik geljegimiz üçin bilim alýarlar, döredýärler, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da şöhratlandyrýarlar.

Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy.