Möhüm meselä bagyşlanan maslahat

2 gün öň
23

Ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan pagtany abat saklamak möhüm meseleleriň biridir. Bu işe biz hem işjeň gatnaşýarys. Müdirligimiziň ýangyn howpsuzlygy bölüminde guralan maslahat bu meselä bagyşlandy. Oňa welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen başlanan we guramaçylykly dowam edýän pagta ýygymynda, hasyly daşamakda, saklamakda hem-de gaýtadan işlemekde kuwwatly tehnikalaryň güýjünden giňden peýdalanylýar. Munuň özi işiň her bir pursadynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berk berjaý etmegi talap edýär. Maslahatda bölümimiziň hünärmenleri çykyş edip, gymmatly çig maly ýangyndan ygtybarly goramagyň ýollary, berjaý edilmeli kadalar barada giňden durup geçdiler. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň işgärleri, öz gezeginde, önümçilik bölümlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar soňra bölümimiziň ýangyn-tehniki merkezine gezelenç etdiler.

Babanyýaz ILAMANOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.