Halkyň beýik ynamy Siz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

18 Sentýabr 2024
55

Şu günler taryhy döwrüň beýik özgertmelerinden galkynýan merdana halkymyz ajaýyp güýzde goşadan gelýän toý-baýramlarymyzyň belent ruhunda batly gadamlar bilen öňe barýar. Döwlet durmuşynda, halkyň döwrebap ýaşaýşynda bolup geçýän täzelenişleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ady bilen berk baglanyşýar. Çünki ýokary döwlet wezipesine girişen ilkinji gününden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäni belent maksadyna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir asylly başlangyjy il-ýurduň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, parahatçylyk hem dostluk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirmek ýaly belent tutumlar hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň mazmunynda jemlenendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir pursady täze taryhymyza zer ýazgylary bolup girýän ajaýyp wakalara beslenýär. Daş-töweregimizde bolup geçýän belent tutumdan gözbaş alan özgertmeler diňe bir ýurdumyzy ajaýyp ülkä öwürmän, eýsem, halkymyzyň ösen durmuş derejesini kemala getirýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirmek babatda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasynda ýurdumyzda gaýragoýulmasyz wezipeleriň uly toplumy durmuşa geçirilýär. Oňa laýyklykda, diňe bir şäherlerimiz däl, oba-kentlerimiz hem döwrebap ösüşi başdan geçirýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» hereket etmegi bilen, oba ilatynyň durmuşy barha kämilleşýär, ösen ýaşaýyş gurşawy kemala gelýär. Şeýle galkynyş halkymyza ruhy joşgun, halal hem tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda uly güýç berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz bilen zähmetkeş halkymyzyň baky jebisligini alamatlandyrýar.

«Daşoguz habarlary».