Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen garşy alýan günlerimizde eziz Diýarymyzda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar toý-baýramlara, taryhy senelere baý «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň hem ykdysady ösüşine, doganlyk halklaryň ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirini ýetirjek möhüm taryhy ähmiýetli bu wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýratyn şan berdi.
Bu gün sahawatly türkmen topragyndan dostluk ýollary alyslara uzaýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar, netijeli hyzmatdaşlyklar hem barha pugtalandyrylyp, işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyz goňşy Owganystan bilen hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ilerledýär. Goňşy döwletiň çäklerinde sebitde hem-de dünýäde umumy maksatlara gulluk etjek bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň yzygiderli berilmegi Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmekde, parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň mynasyp goşandyny aňladýar.