Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna özboluşly many-mazmun çaýýar. Ýakynda bolup geçen taryhy wakalar eziz Diýarymyzyň günsaýyn öňe barýandygyny äşgär etdi.
Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän şanly ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda baýramçylyk gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylmagy şanly wakalaryň şatlygyny arşa göterdi. Şeýle hem şol gün Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň açylmagy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Bu bolsa günsaýyn gözelleşýän paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrdy.