Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň dowamynda milli parlament, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy, medeni-ynsanperwer ulgama degişli düzümler, şeýle-de ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklary tarapyndan geçen bäş aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar diňlenildi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanýandygy, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önümiň möçberiniň artandygy bellenildi. Ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Şunda döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.