Abadan durmuşyň sakasy

12 Iýun 2024
337

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkyň saglygy, abadan, bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça işler giňden ýaýbaňlanýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýar.

Saglygy gözüň göreji deý goramak, onuň gadyryny bilmek biziň her birimiziň özümize baglydyr. Bu baradaky paýhasly pikirler il arasynda dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. «Saglyk — baýlyk», «Saglyk başyň täjidir» diýen sözler, hakykatdan hem, ähli zadyň sakasynyň saglykdygyny äşgär edýär. Häzirki döwürde döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň gurlup, halka ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň edilmegi babatda durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.

Aýgül Hajynazarowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň derňewçisi.