Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýä ýurtlaryndan gelen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi.
Arkadagly eýýamymyzda türkmen topragynyň şöhratly taryhyny öwrenmekde amala aşyrylan beýik işleriň mynasyp waspyna öwrülen bu forum beýik ösüşlerimiziň ýagty ynamy bolup, çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.